Baş baýlygyň goragynda

21 Awgust 2024
482

Lukman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, raýatlaryň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy raýatlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, esasan hem, ýurtda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýol-ýörelgeleri, möhüm wezipeleri kesgitleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň pugta binýady emele getirildi. Çagalaryň we eneleriň saglygynyň pugta goraglylygynyň üpjün edilmegi, köp ýaýran keselleriň, ýokanç keselleriň sanynyň düýpgöter kemelmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrylmagy, ilaty öz topragymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden hem-de ýerli çig mallardan öndürilýän dermanlar bilen üpjün etmek boýunça döwrebap işleriň amala aşyrylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly hassahanalaryň gurulmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň uly ösüşlere beslenýändiginiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, ýurdumyzda sporty ösdürmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga ählitaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

Mämmetberdi ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar