Dutar ussasy

21 Awgust 2024
639

«Ol goja senetkär Babagammaryň,//Mähir-yhlasyndan dörän dutarym» diýip, şahyrana setirlerde bellenilişi ýaly, dutar ussaçylygynyň Babagammardan miras galandygy rowaýat edilýär. Bu gadymy hem müdimi senetçilik nesilden-nesle geçirilip, barha kämilleşdirilip, biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Dutar ýasamakda uly şöhrat gazanan Gelenje ussa, Han Akyýew ýaly onlarça öz kärine ussat halypalaryň atlaryny aýdym-saz muşdaklary, bagşy-sazandalar häli-häzirlerem dilden düşürmän gelýärler. Ezber ussalaryň elinden çykan dutarlary muzeýlerde ýa-da toý-baýramlarda halka hezil berýän bagşy-sazandalaryň elinde görýärsiň.

Dutar ýasamak senetçiligini ösdürmäge saldamly goşant goşan halypalaryň ýoluny bu günki gün olaryň şägirtleri dowam etdirýärler. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýen pähime eýerip, dutar ýasamak bilen meşgullanýan ussalar Mary welaýatynda hem barmak büküp sanardan kän. Bu gün eli hünärli şeýle ussalary ýurdumyzda geçirilýän toýdur baýramlarda, guralýan sergilerde göreniňde guwanjyň artýar. Olar öz işlerini toý sergilerine çykaryp, dutar ýasamagyň inçe tärlerini halk köpçüligine, ylaýta-da, ýaşlara ýetirýärler. Kärine berlen dutar ussalarynyň biri-de Baýramaly etrabynyň Murgap geňeşliginde ýaşaýan Bäşim Welläýewdir.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.
Beýleki habarlar