Mi­ras (He­ka­ýa)

20 Awgust 2024
684

Ömer SEÝFETDIN,
türk ýazyjysy

Adamyň öz nebsine diýen etdirip bilmezligi, ähtimal, azap beriji duýgularyň biri bolsa gerek. Birnäçe ýyllap gatnaşyp, barşyp-gelşip ýören adamymyzyň ýaramaz hereketini görsek, kem-kemden daşlaşmak bilen bolýarys ýa-da gatnaşygy bes edýäris. Şeýdibem, birek-birege bolan mylaýym duýgularyň orny sowuk günler bilen çalşylýar. Ýöne ruhumyzdaky «gowulyk, dogruçyllyk, gözellik» diýen ýaly düşünjeleriň haýsy hem bolsa biri şem ýaly sönende, ine, şonda garaňky bir çöle düşýäris. Bu çölde ýekesiräp, adamlara bolan ynamymyz döwülýär. Gam-gussaly ýaşaýyş... Ine, bu günem ruhumdaky gowulygy aňladýan şem söndi. Nirä gitjegimi bilemok adamçylygyny, oňat häsiýetlerini ýitiren sergezdan mysaly. Ýöne bu ýagdaýa duçar bolmagym öz islegim bilen bolmady ahyryn.

Türk dilinden terjime eden Bägül BAÝGELDIÝEWA,
«Dünýä edebiýaty»
Beýleki habarlar