Gymmaty egsilmeýän baýlyk

16 Awgust 2024
532

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly türkmen topragynda ösýän endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär.

Bu kitap öz saglygy barada aladalanýan her bir adam üçin peýdaly maglumatlaryň hazynasydyr. Onuň jiltlerinde kerem-keramatly türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, ýaýraýşy, olardan melhem taýýarlanylyşy, ulanylyşy we saklanylyşy bilen bagly baý maglumatlar anyk hem giňişleýin beýan edilýär. Bu kitabyň häzirki wagta çenli 15 jildi çap edilip, halkymyza ýetirildi. Lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işine daşary ýurtlarda hem gyzyklanma bildirilýär. Sebäbi ol dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşant bolan eserdir. Kitabyň aýry-aýry jiltleriniň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi onuň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär. Gymmaty egsilmejek bu kitap ýakynda pars diline hem terjime edilip başlandy.

Ruzeliýa GAÝYPOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.
Beýleki habarlar