Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

16 Awgust 2024
617

Saglyk — ynsanyň başynyň täji. Saglygyňy goramagyň, berkitmegiň iň ygtybarly usuly bolsa bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdyr. Sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde, raýatlaryň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimize has giňden ornaşdyrmakda, sporty ösdürmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigi guwandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriniň netijesinde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Ýurdumyzda köpçülikleýin medeni-sport çäreleriniň yzygiderli guralmagy, esasan-da, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimiň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Ýaş nesilleriň sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa diňe bir ezber türgenleriň kemala gelmeginde däl-de, eýsem, sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagynda hem wajyp ähmiýete eýedir.

Aýmämmet Beňňiýew,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar