Çaga şaý-sepleri

30 Iýul 2024
675

Çaga nesil dowamaty hasaplanýar. Şeýle bolansoň mähriban enelerimiz çagalaryny kiçijikliginden dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Kiçijik çaga özboluşly bezeg berýän şaý-sepler bilen baglanyşykly ajaýyp setirler enelerimiziň hüwdülerinde hem öz mynasyp ornuny tapypdyr.

Çaga tahýasynyň depesine, kürtekçesiniň arkasyna dakylan, tegelek bazbent onuň syratyny ykjam saklamaga, özüni dogumly duýmaga täsir edýär. Bazbent — altyn çaýylan, ösümlik nagyşly, kümüşden ýasalan şaý-sep bolup, hakyk daşy bilen bezelipdir. Bazbendiň iki tarapyna kümüş tumarlardyr şelpeler hem berkidilipdir.

Oguljemal ŞAMYRADOWA,
Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar