Nohut — aralyk ekilýän kösükli ekin

23 Iýul 2024
542

Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny, şol sanda onuň däneçilik pudagyny ösdürmäge ünsi has-da güýçlendirdi. Ýurdumyzda däneçiligi ösdürmek, kösükli ekinleriň agrotehnikasyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde kösükli, däneli ekinler hem esasy orny tutýar.

Nohut birýyllyk kösükli ösümlik bolup, ol azyklyk we ot-iýmlik maksady bilen ekilýär. Onuň dänesinde 21 — 31 göterim belok, 4 — 7 göterim ýag, 2,4 — 12,4 göterim kletçatka bar. Nohudyň ununa 10 — 12 göterim bugdaý uny garylyp, dürli görnüşli çörek önümleri taýýarlanylýar. Nohut dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ekilýär.

Meretgül TAGANMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar