Welaýatymyzyň gallaçylarynyň ajaýyp zähmet üstünligi

12 Iýul 2024
582

Galla — halkyň rysgaly, baýlygy. Her bir maşgala ojagynyň saçagynyň berekedi. Şoňa görä hem il-günümiz bugdaýy uly iliň soltany hasaplaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygynyň gallaçylyk pudagyna aýratyn üns berilýär. Edilýän aladalaryň netijesinde zähmetsöýer kärendeçiler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bereketli galla hasylyny kemala getirdiler.

Welaýatymyzyň edermen gallaçy kärendeçileri yhlasly zähmeti bilen kesewiňi dürtseň gögerýän bereketli topragymyzdan 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy ýygnap, şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek sepgidiň ýokdugyna oňat düşünýän welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri yhlasly zähmet bilen ýetişdirilen gallany bir dänesini hem isrip etmän ýygnamak işinde tutanýerli zähmet çekýärler.

Beýleki habarlar