Ene toprak bereket eçilýär

26 Iýun 2024
592

Ene ýeriň dilini tapyp, ondan bol hasyl almagy başarýan janypkeş daýhanlary hemmetaraplaýyn goldaýan, olaryň işleriniň ilerlemegi üçin ähli tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Liderine türkmen daýhanlary egsilmez alkyşlar aýdýarlar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, döwletimizde bereketli ýerden bol hasyl almak, ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, ekinleri hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly işlere giň gerim berildi.

Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk hem-de bu pudagyň beýleki ugurlary sazlaşykly ösdürildi. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagyna ägirt uly möçberde maliýe serişdeleri goýberildi. Iň öňdebaryjy önüm öndüriji ýurtlaryň kuwwatly tehnikalary yzygiderli satyn alnyp, önümçilige ornaşdyryldy. Bu bolsa türkmen daýhanlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle-de olaryň öndürýän oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýylsaýyn ýokarlandyrylmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, mineral dökünleriň ýeňillikli şertlerde berilmegi daýhanlaryň buýsançly başlaryny Göge ýetirdi. Şonuň ýaly hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryna laýyklykda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilip, uzakmöhletleýin esasda ulanmak üçin paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklarydyr beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleriniň berilmegi bu pudagyň has-da galkynmagyna getirdi. Obasenagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilýän şeýle döwletli işler häzirki wagtda-da peder pendine berk uýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp ýöredilýär.

Mahmut JUMABAÝEW,
Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň başlygy.
Beýleki habarlar