Hojalygyň guwandyryjy üstünligi

14 Iýun 2024
877

Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygy galla taýýarlamak boýunça tabşyryga Ahal welaýatynda ilkinjileriň hatarynda hötde geldi. Tejribeli daýhan Ýusup Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygy boýunça üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 75 gektar meýdanda bugdaýyň «Alekseiç» görnüşi ýetişdirilip, orak möwsümine ilkinji günlerden jogapkärli çemeleşildi. Yhlas bilen çekilen zähmetiň netijesinde, şertnamalaýyn borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi.

Daýhan hojalygy tarapyndan guşgursak ak bugdaýyň 168 tonnasynyň ýerine 475 tonna golaýy ýygnalyp, harmana tabşyryldy. Munuň özi meýilnamada göz öňüne tutulandakysyndan 307 tonnadan hem artykdyr. Gallanyň döwlet satyn alyş bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle-de daýhanlaryň ýylyň dowamynda goldaw-hemaýatlar, aladalar bilen gurşalmagy şu ajaýyp günlerde gazanylan zähmet üstünliginiň esasy şertine öwrüldi.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar