Döwrüň möhüm talaby

29 Maý 2024
867

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň ökde hünärmenler, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin düzgünnamalar täzelenilip, rejelenen görnüşde kabul edildi. Şu nukdaýnazardan hem talyplara berilýän sapaklar döwrebap, netijeli ýola goýulýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen tehnologiýalaryň, ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýokary isleg bildirilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleriň öndürilişini artdyrmaga ýardam edýär. Bu gün iň täze tehnologiýalaryň esasynda öndürilen ýokary hilli önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Mämmetkerim Nazarow,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar