Keýn ýa-da Ko­man: haý­sy hem bol­sa bi­ri­niň sta­tis­ti­ka­sy ta­mam­lan­ýar

12 Aprel 2024
597

Har­ri Keýn hem-de Kings­li Ko­man – iki­si-de Ger­ma­ni­ýa­nyň iň öň­de­ba­ry­jy to­pa­ry «Ba­wa­ri­ýa­nyň» hü­jüm­çi­le­ri. Ang­li­ýa­ly Keýn ge­çen to­mus­da klu­buň dü­zü­mi­ne go­şu­lan bol­sa, fran­si­ýa­ly Ko­man 2015-nji ýy­lyň tom­sun­dan bä­ri çy­kyş edip gel­ýär. Ýag­ny 27 ýa­şyn­da­ky hü­jüm­çi 9 möw­süm­den bä­ri «Ba­wa­ri­ýa­nyň» ýe­ňiş­le­ri­ne uly go­şant goş­ýar. Iki fut­bol­çy­nyň ara­syn­da uly ta­pa­wut bo­lup, ola­ryň bi­ri­niň he­ni­ze çen­li çem­pi­on­ly­gy bol­man, beý­le­ki­si her möw­süm çem­pi­on­lyk ga­za­nyp gel­ýär. Ine, şu möw­süm şol iki fut­bol­çy­nyň haý­sy hem bol­sa bi­ri­niň şol sta­tis­ti­ka­sy soň­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Keý­niň çem­pi­on­lyk­syz ýö­ri­şi do­wam et­je­ge meň­zäp, Ko­man il­kin­ji ge­zek möw­sü­mi çem­pi­on bol­maz­dan ta­mam­lar.

Har­ri Keýn – de­pe­ni gol bol­ýan 30 ýa­şyn­da­ky ang­li­ýa­ly hü­jüm­çi kar­ýe­ra­sy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi­ni has ta­ky­gy, 14 ýy­ly­ny Lon­do­nyň «Tot­ten­ham» to­pa­ry­nda ge­çir­di. Ir­ki ýyl­lar­da dür­li klub­la­ra kä­ren­de­si­ne ug­ra­dy­lsa-da, ol 2013-nji ýyl­dan 2023-nji ýy­la çen­li «Tot­ten­ha­myň» iň esa­sy ýyl­dy­zy boldy. Şol ýyl­lar­da 300-e go­laý gol ge­çir­se-de, ýyl­dyz oýun­ça çem­pi­on­lyk ga­zan­mak mi­ýes­ser et­me­di. Di­ňe bir çem­pi­on­lyk däl, eý­sem, ol hiç hi­li ku­bo­gy hem as­ma­na gö­te­rip gör­me­di. Ahy­ryn­da-da ol klu­bu­ny üýt­ge­de­ni­ni kem gör­män, ge­çen to­mus­da özü­ne re­kord de­re­je­de tö­leg tö­län «Ba­wa­ri­ýa­nyň» dü­zü­mi­ne go­şul­dy. Ýag­ny is­len­dik oýun­çy­da bar bo­lan çem­pi­on bol­mak duý­gu­sy­nyň iň köp ha­syl bo­laý­jak ýe­ri­ne, çem­pi­on­lyk­lar ga­zan­mak üçin iň dog­ry sal­ga – yk­ly­myň öň­de­ba­ry­jy to­pa­ry «Ba­wa­ri­ýa» trans­fer bol­dy. Hem­me­ler ýyl­dyz oýun­çy­nyň ahy­ry ar­zuw­lap gel­ýän çem­pi­on­lyk­la­ry­na ýet­je­gin­den ar­ka­ýyn­dy. Ýö­ne ha­ky­kat­da bol­sa onuň şow­suz­lyk­lar sta­tis­ti­ka­sy ta­mam­lan­ma­dy. «Bun­des­li­ga­nyň» her tap­gy­ryn­da di­ýen ýa­ly bir re­kor­dy tä­ze­läp gel­ýän Keý­ne il­kin­ji 28 tap­gyr­da 32 gol ge­çir­se-de, iň esa­sy ar­zu­wy­na ýet­mek, çem­pi­on­lyk ga­zan­mak şu möw­süm mi­ýes­ser et­mez. Keý­niň bu ar­zu­wy in­di­ki möw­sü­me ýa-da möw­süm­le­re gal­dy. «Ba­wa­ri­ýa­nyň» möw­sü­mi çem­pi­on­lyk bi­len ta­mam­la­ma­gy üçin fut­bol­da ozal bol­ma­dyk mug­jy­za­nyň, ju­da uly tä­sin­li­giň bol­ma­gy ge­rek. Ta­mam­la­nyp bar­ýan şu möw­süm­de «Ba­wa­ri­ýa­nyň» 11 ýyl­dan bä­ri ga­za­nyp gel­ýän çem­pi­on­ly­gy­na «Ba­ýer» to­pa­ry soň­ky no­ka­dy go­ýar. Ta­ry­hy çem­pi­on­lyk­dan 3 utuk uzak­lyk­da du­ran «Ba­ýer» ýek­şen­be gü­ni «Wer­de­ri» ýe­ňen ha­la­tyn­da çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eder.

Beýleki habarlar