Änew — gadymy ekerançylygyň Watany

9 Aprel 2024
1070

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleri senagat taýdan işläp, harytlyk görnüşe getirmek, ekerançylygyň medeniýetini döwrüň ösen talaplaryna gabat getirmek ýaly möhüm meseleler döwletimiz tarapyndan elmydama üns merkezinde saklanýar. Biziň ýurdumyzda ekerançylygyň taryhy bolsa, öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ony hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza peşgeş eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyndaky: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýen jümle-de subut edýär.

TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, bu topragyň dünýä derejesinde belli açyşlaryň mekany bolandygyndan habar berýär. Taryhda «Änew medeniýeti» ady bilen belli bolan bu gadymy mekanda dürli döwürlere degişli tapyndylar bilermenleriň ünsüni egleýär. Sebäbi olar özboluşly sünnäligi hem-de gaýtalanmajak çeperligi bilen görenleri haýrana goýýar.

Atageldi NEPESOW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar