Baş baýlygyň baýramy

8 Aprel 2024
668

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli  welaýat merkezinde guralan dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, iri edara-kärhanalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna, bedenterbiýe maşklaryna giň orun berildi. Bahar paslynyň ir säherinde edara-kärhanalarda sport maşklarynyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy

Baýramçylygyň esasy çäresine — Balkanabat şäherindäki  «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe  welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri we  talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýörişiň geçýän ugrunda  medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlanyp, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar  ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da belende göterdi. Ýolugra ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa eden ýörişe gatnaşyjylar halkymyzyň  saglygyny goramakda we berkitmekde edýän taýsyz tagallalary üçin  Gahryman Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.    

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar