Sport — saglygyň sakasy

5 Aprel 2024
887

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty dünýä derejesine çykýar. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak ugrunda döwlet ähmiýetli anyk maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Sport arkaly dost-doganlygy berkitmek, parahatçylygy söýüjilik we özara düşünişmek ýörelgelerini pugtalandyrmak, hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny täze tapgyra çykarmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler, türgenlerimiziň gazanýan halkara üstünlikleri sanardan juda köp. Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini agzamak bolar. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, häzir dünýäde sport — halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Hut şoňa görä-de halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň çäklerinde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinamyza laýyklykda, belent sepgitlere ýetilýär, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň binýady barha kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüm bölekleri uly ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda harby gullukçylaryň durmuş derejesiniň barha kämilleşdirilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Olaryň beden taýýarlygyna, sagdyn we ruhubelent bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Çünki ýurdumyzda ynsan saglygy adamzadyň iň uly baýlygy hasaplanýar. Şol ýörelgeden ugur alnyp, ilatyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak we ruhubelentligini artdyrmak üçin gündelik durmuşda sporta aýratyn orun berilýär. Hormatly

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.
Beýleki habarlar