Sagdynlygyň Watany

4 Aprel 2024
897

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Munuň şeýledigine häzirki günlerde diýarymyzyň ähli künjeginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çärelerden buýsanç bilen göz ýetirmek bolýar.

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde şanly sene mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna bilim edaralarynda dürli sport ýaryşlary bilen bir hatarda, wagyz-nesihat häsiýetli maslahatlardyr duşuşyklar geçirilýär. Şonda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak boýunça okuwçy ýaşlara degerli maslahatlardyr öwüt-ündewler berilýär.

Annasoltan ANNAÝEWA,
Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar