Änewiň taryhy şahsyýetleri

27 Mart 2024
1028

­Gadymy Änew topragy ak bugdaýyň hem-de Änew medeniýetiniň Watany hökmünde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň taryhyna girdi. Änew medeniýeti barada gürrüň edilende, bu toprakda doglup, önüp-ösen şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň poeziýada we aýdym-saz sungatynda öz yzlaryny goýandyklaryny bellemek gerek. XIX asyrda Änewde ýaşap geçen şahyrlar Dostmuhammediň, Durdy bagşynyň, Zahydynyň, Ysmaýylyň we Sahypjemalyň döredijiliklerinde Watan goragy, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk temalarynda döreden goşgulary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň şygyrlarynyň aýratynlygy çeperçiliginiň, diliniň halka has ýakynlygyndadyr. Bu şahyrlaryň goşgularynda Watana, önüp-ösen topragyna söýgi, il-halkyň derdine ýaran, ýurt goragynda gaýa dek duran döwürdeşlerine buýsanç aýdyň görünýär. Olar öz döredijiliklerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň watansöýüjilik, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk temalaryny ösdüripdirler. Olaryň birnäçesi häzirki döwürde hem bagşylaryň dillerinden düşmän, halk köpçüligi tarapyndan höwes bilen diňlenilýän aýdymlara öwrülipdir.

XIX asyr türkmen şahyrlarynyň döredijiliklerinde bolşy ýaly, Änewde ýaşap geçen şahyrlar hem öz şygyrlarynda halkyň durmuşy, il-ýurt, Watany goramak bilen baglanyşykly temalardan sowa geçmändirler. Hatda olaryň şygyrlarynyň diliniň halka has ýakyn bolşy ýaly, goşgularda gozgaýan temalary hem ildeşleriniň durmuşyna, ruhy halyna ýakyndyr. Şahyr Dostmuhammediň «Aýryldyk» goşgusyndaky:

Kakabaý AMANMYRADOW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar