Sportuň sarpalanýan eýýamy

27 Mart 2024
799

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär» diýip ýazýar. Şu sözlerdenem görnüşi ýaly, ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine ägirt uly üns berlip, oňa döwlet syýasatynda möhüm orun degişlidir. Saglygyň sakasy, sagdyn, bagtyýar durmuşyň gözbaşy bolup durýan sportuň rowaçlyklara beslenmegi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň giň gerimde ýaýbaňlanmagy babatda durmuşa geçirilen nusgalyk işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň bütin dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilmegi hem, elbetde, döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki hem-de welaýatlardaky biri-birinden owadan, döwrebap sport desgalary dürli ýaşdaky raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň öz saglyklaryny berkidýän, sportda barha kämilleşýän, dürli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa sporty ösdürmekde ýurdumyzda badalga berlen giň gerimli işleriň aýdyň netije berýändigini görkezýär.

Halil Sahatow,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar