Ilkinji bug gämisini kim gurdy?

24 Mart 2024
1055

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024

Robert Fulton bug gämisiniň «atasy» hasaplanýar. Bug energiýasyny ulanmak bilen baglanyşykly gämi gurluşygyndaky özgeriş ygtybarly bug hereketlendirijileri gelmezinden has öň taýýarlanyp başlandy. Bu pikiri ilkinji gezek fransuz fizigi Deni Papen öňe sürdi. Ol XVII asyryň ahyrynda, Jeýms Watt tarapyndan döredilen bug hereketlendirijisiniň peýda bolmagyndan, takmynan, 90 ýyl ozal onuň nusgasyny synagdan geçirýär. 1707-nji ýylda Papen bug hereketlendirijisi we pürs tigirleri bolan gämini taslaýar, emma bu hakda hiç hili ygtybarly maglumat ýok diýen ýaly. Käbir maglumatlarda üstünlikli synagdan soň işsiz galmakdan gorkýan gaýykçylaryň ony döwendikleri barada aýdylýar.

Bibihajar ÖDEKOWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar