Maşgalanyň berkligi — jemgyýetiň jebisligi

21 Fewral 2024
1386

Her bir maşgalada ata-enäni sylamak, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmak kiçiliginden çagalaryň gursagyna guýmaga çalşylýar. Maşgalada we köpçülikde tertip-düzgüni saklamak, pederlerimizden miras bolup gelýän edep kadalaryny berjaý etmek milli terbiýämizden gözbaş alýar. Il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz bolsa şol terbiýäniň nusgalyk mekdebidir.

Maşgala gatnaşyklaryny ösdürmek, ony gorap saklamak, çaganyň terbiýesi jemgyýetimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde her bir maşgalanyň abadanlygy, sagdynlygy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Öz gadyr-gymmatyny ýitirmän, şu günlerimize gelip ýeten edep kadalarymyzy, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillerimiziň durmuş endiklerine öwürmekleri üçin bimöçber tagallalar edilýär. Sebäbi maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça jebis bolýar.

Hallybibi Babaýewa,
welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar