Ruhubelent nesil — bagtyýar nesil

5 Fewral 2024
1512

Ruhubelentlilik, watansöýüjilik, ýagşy niýetlilik, maksada okgunlylyk her bir adamyň, ylaýta-da eziz Watanymyzy ösdürjek ýaş neslimiziň ykbalyny kesgitleýän gylyk-häsiýetlerdir. Zähmet adamy terbiýeleýär, mertligi, özüňe bolan ynamy döredýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýmek bilen, ýaş nesle halal zähmeti ündeýär. Ruhubelentlik bilen ynamyň sazlaşygy dörände, adam ýanbermez güýje öwrülýär.

Arzuw JUMAGULYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar