Edep-terbiýäniň gözbaşy

4 Fewral 2024
1379

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş mekdebidir. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär.

Terbiýäniň baş maksady özüňi ahlakly, edepli alyp barmagyň endiklerini we asylly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr. Terbiýe paýhasly sözler, görelde bilen utgaşmalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda ýaşlara öwüt-ündewler aňa siňňitli barýar. Ýaşlar gözi ýetip duran zada ynanýarlar.

Begenç ANNAMUHAMMEDOW,
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar