Şygryýet äleminiň çyragy

31 Ýanwar 2024
1123

Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldardyr. Türkmen edebi mirasynyň esasy bölegini şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi tutýar. Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. XVIII asyrdan bäri şahyr her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. Şahyr nusgawy edebiýatyň ösüşine uly goşant goşdy. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem sarpasy uludyr. Şahyryň goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi.

Watansöýüjilik mowzugy beýik şahyryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyryň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Türkmen binasy» ýaly ençeme goşgulary onuň watansöýüjiliginiň belent mertebesini görkezýär. Onuň 300 ýyla golaý mundan ozal döreden eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki olarda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklardyr mähriban topragyňa, öz halkyňa deňsiz-taýsyz wepalylyk, halkyň döredijilik güýjüne ynam hem-de belent borç öz beýanyny tapýar.

Maral SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar