Muny bilmek gyzykly

9 Ýanwar 2024
2595

Ähli janly-jandarlar ýaly, balyklar hem kisloroddan dem alýar. Ýöne olar ony howadan däl-de, suwdan alýar. Munuň üçin olarda ýörite agza bar. Balyklar agzyny suw bilen doldurýarlar we suwdaky kislorody sorup alýarlar. Gyşda suwuň doňmagy bilen balyklar has aşak çümýärler we az hereket edýärler.

Balyklaryň käbiri süýji suwly derýalarda, köllerde, howuzlarda ýaşaýar. Käbirleri bolsa şor suwly giňişlikde—deňizlerde, ummanlarda mekan tutýarlar. Şor suwda ýaşaýan balyklar has köpdür.

Mekan SAPAROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar