Milli gymmatlyklara sarpa

19 Dekabr 2023
983

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işlere tüýs ýürekden buýsanýarys, çünki halk bähbidini nazarlaýan işler abadan ýaşaýşymyza gönükdirilip, ýurdumyzyň aýdyň ösüşiniň kepilidir. Halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan asylly ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjilik ýolumyz ösüşleriň berk binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy, has-da belende göterilmegi ugrunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly tagalla edilýär. Bularyň hemmesi halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar.

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň belent mertebesi dünýäde has-da dabaralanýar. Ýakynda Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi häzirki ösüşli döwrümizde gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny, mynasyp ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar