Elektrik ugor balygy

5 Dekabr 2023
2442

Ýylan sypatly elektrik ugor balygy ýyrtyjy balyklaryň toparyna degişli bolup, batgalyklarda ýa-da gurap barýan köllerde (Günorta Amerikada) ýaşaýar. Onuň uzynlygy 1,5 – 2 metre, agramy bolsa 15 – 20 kilograma ýetýär.

Näme üçin batgalykdaky we köllerdäki balyklar ugor balygyň agzyna özleri barýarka? Bu sowal köp wagtyň dowamynda alymlarda uly gyzyklanma döredipdir. Muňa garamazdan, alymlaryň irginsiz zähmeti netijesinde bu sowala jogap tapylýar. Ugor balygynyň ýaşaýşy öwrenilende bu gizlin syryň üsti açylýar. Balygyň bedeninde 1000 watta barabar kuwwaty, 600 wolta ýetýän elektrik togy bolýar. Ol öz awy üçin kuwwatlylygy 600 wolt bolan energiýasyny peýdalanýar. Balyk togy suwa goýberende suw kisloroda we wodoroda dargaýar. Netijede, kisloroda mätäç balyklar onuň golaýyna gelýärler. Balyk ýene-de bir elektrik urgy bilen balyklary heläkçilige sezewar edýär we şolar bilen iýmitlenýär. Bu balyklaryň elektrik öndürýän beden agzasy edil häzirki zaman akkumulýatorlarynyň gurluşy ýalydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýjeren ILLIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar