Ekologiýa birleşikleri — tebigaty goramagyň meýletinçileri

28 Noýabr 2023
2294

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramaga, tebigy baýlyklarynyň netijeli peýdalanmagynyň üpjün edilmegine, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramagyň dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşant goşýar hem-de bu ugurda köp sanly dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Garaşsyz Watanymyzda daşky gurşawy goramak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işlerde bu babatdaky jemgyýetçilik birleşikleriniň aýratyn uly goşandy bar. Döwletimizde daşky gurşawy goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik birleşiklerinden we guramalaryndan Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetini we onuň welaýatlardaky bölümlerini, Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar birleşmesini, Elguş awçylygynyň milli jemgyýetini, Aşgabat şäher balykçylyk jemgyýetini, Balçylar jemgyýetini we beýlekileri mysal getirip bolar. Bularyň ählisiniň özboluşly ugry we toplan tejribesi bolup, daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň wajyp meselelerini çözmekde birnäçe bitirýän işleri bardyr.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar