Ekologiýa abadançylygy — Zeminiň gözelligi

13 Sentýabr 2023
1620

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, geljekki nesillerimize gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy hem-de ýerleriň şorlaşmagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda tebigaty, biologik dürlüligi goramak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ekologiýa kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý seýilgählerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler muňa şaýatlyk edýär. Güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda uzak möhletleýin maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Akbäbek Gurbangulyýewa,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň daşky gurşawa gözegçilik laboratoriýasynyň laboranty.
Beýleki habarlar