Türkmen sportunyň altyn ýyldyzy

12 Mart 2021
1951

Türkmenistanly zenan türgenleriň soňky ýyllarda halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerine üns berýän bolsaňyz gerek. Olar bu üstünlikleri sambo, kuraş, agyr atletika ýaly, esasan, erkek kişilere mahsus, şolaryň has üstünlikli çykyş edip biläýjek ýaryşlarynda gazanýarlar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda öňňin, 10-njy martda bolan dabaralarda zenan türgenlerimiziň halkara sport ussatlygyna goýulýan belent sarpa ýene bir ýola örboýuna galdy. Dünýä çempionlygy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde buşlanylan Ýulduz Jumabaýewa altyn medallar hut hormatly Prezidentimiziň özi tarapyndan gowşuryldy. Türgen üçin altyn medallary ýurt Baştutanyndan almakdan ýokary mertebe barmyka?!

Bu hakykat dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň, belki, hyýallaryna-da sygan däldir. Muny onuň gözlerinden hem okap bolýar. Ykbalynyň iň arzyly peşgeşiniň ganatynda gaýyp ýören 23 ýaşly türgen gyzyň dabarada eden çykyşynda birazajyk tolgunma duýulýan hem bolsa, sözler ýüreginiň çuňlugyndan çogup çykdy. Sportumyzyň Howandary — milli Liderimiziň adyna alkyş bu çykyşyň özenini düzdi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar