Suw kädi

22 Fewral 2021
1764

Halkymyzyň geçmiş taryhyna ser salsaň, metal we daş önümlere garanyňda, hojalyk-durmuş hajatlary üçin maldarçylyk, ekerançylyk, küýze önümleriniň has köp ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Öňler ekerançylyk diňe bir iýmit çeşmesi bolman, eýsem adamlaryň durmuş zerurlyklaryny hem üpjün edipdir. Geçmişde şeýle maksat bilen köpçülikleýin ýetişdirilen ekinleriň biri hem suw kädisidir.

Suw kädi diňe gap hökmünde ulanmaga ýarawly bolup, onuň iýmitlik we mal iýmlik gymmaty ýokdur. Onuň gabarasy näçe uly bolsa-da, içi boş bolýar. Daşyndaky gaby, gabygy bolsa, onda suw, ýag, toşap ýaly suwuk zatlary saklamaga mümkinçilik berýär.

Mamagül TAGANOWA,
TKA-nyň Gubadag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar