Döwletli ojagyň enesi

22 Fewral 2021
1633

Arada öýümizde çaý başyndaky söhbetdeşlik kärende ýerimiz bilen baglanyşykly gürrüňlerden başlandy. Kakamyň öz çagalyk ýyllaryny ýatlap, mamama beren sowaly meni-de gyzyklandyrdy. Mamam: «Kakaň pahyr şol döwürde daýhan birleşigiň mirabydy. Ondan maslahat sorap gelýänleriň yzy üzülmezdi. Daýhan birleşigine synpdaşyň Tahyryň ejesi Rozyhal ýolbaşçylyk edýärdi. Ýaş gelin-gyzlar bolup üýşüp, işe giderdik. Ýyl-on iki aý günümiz atyz-pellerde geçerdi. Ýadamany-ýaltanmany bilmän işlärdik. Şeýdibem daýhan birleşik atly hojalyga öwrülipdi. Rozyhala asylly zähmeti üçin «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen at berlen ýyllary hem şol döwürlere gabat gelýär» diýip, gürrüň berdi.

Şol gün hepdäniň dynç günüdi. Men bu gyzykly gürrüňleriň täsirini gaçyrman, çaýdan soň Rozyhal enä duşup, gürrüňdeş bolmaga howlukdym. Biz bir köçäniň ugrunda ýaşaýarys. Aramyz o diýen daş hem däl. Rozyhal ene bilen söhbetdeş bolmak üçin berjek sowallarym barada oýlanyp barşyma, olaryň öýüniň deňine ýetenimi duýman galypdyryn. Ol ýerde biraz sägindim. Giň howlynyň daş-töwereginde ýetişdirilen miweli agaçlardyr dürli görnüşli güllere syn edip durşuma öz ýanymdan: «Baglara gowy ideg edilişinde enäniň maslahaty uly bolmaly» diýip, içimi gepletdim.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar