Milli terbiýäniň nusgasy

21 Fewral 2021
2609

Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişine, daş-töweregindäkiler, ilkinji nobatda bolsa ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär. Şu pikirden ugur alsak jemgyýetiň bagtyýarlygy, döwletiň berkararlygy ýaş nesle maşgalada berilýän terbiýä hem baglydyr. “Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur” diýen pähime eýerýän türkmen maşgalasynda çaga terbiýesinde ownuk zadyň ýokdugyny görkezýär.

Türkmen halkynyň durmuşynda asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Ýaş nesillere berilýän terbiýäniň özeninde milli we asylly ýörelgelerimiz saklanyp galýar. Halkymyz ýaş nesilleri terbiýelemäge hem aýratyn üns beripdir. Esasan hem ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleri edebi çeşmelerimizden, halk döredijiliginden aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda edep-terbiýe barada ençeme nakyllar bar: «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz gymmatly», «Edebiň ýagşysy — salam bereni, Ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni», «Edep başy — dil», «Edep — bergidir, bermedige — görgüdir». Görnüşi ýaly, pähimdar pederlerimiziň döreden nakyllarynda hem edep barada parasatly pikirler beýan edilýär. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ýaş nesilleri pähimli sözler bilen terbiýeläpdirler. Bu bolsa olaryň aň-düşünjeli bolmagyna, çeper sözli bolup ýetişmeklerine oňat ýardam edipdir.

Şähribossan ANNAMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar