Saçagyň biçüwi

19 Fewral 2021
2096

Keşdeli saçagyň nusgada taýýar görnüşinde ilki ýazgynlygyna uzynlyk-giňlik ölçegi 95 santimetr we tikin parhy hem biçime girizilen bolmaly. Saçaklyk parçanyň we saçaga içliklik parçanyň dört tarapyny deň ölçegde biçmeli. Olaryň düzüw ýüzüni bir-biriniň ýüzüne ýapyp, sypap, jebisleşdirmeli-de endigan kök atmaly. Gyrasynda 4—5 mm ýer goýup, dört tarapyny tikip barýarkaň, haýsy-da bolsa bir tarapynda el salar ýaly ýerini tikmeli däl. Onsoň, tikmän goýan ýeriňden eliňi salyp, dört burçuny hem daşyna öwrüp, ütükläp sünnälemeli-de, kök atmaly. Saçagyň gyrasynda 3—4 mm ýer goýup, tikin maşynynda sürmeli. Nusgada görnüşi ýaly, ilki nagyşlaryň ýerini ölçäp belgileseň, nagyşlar ýerbe-ýer hem owadan bolar. Ölçemeseň, nagyşlar çem gelen ýerde ýarty ýa-da goşa düşer. Nusgada «Aý bäş ýyldyzly», «Gün», «çopantelpek güller» el keşdede, «göl», «gowaça gül», «ak bugdaý» gaýma maşynynda ýerine ýetirildi.

Sahypany taýýarlan: mirasgär Ogulbaýram KULYÝEWA.
Beýleki habarlar