Jemgyýet sagdyn — döwür bagtyýar

12 Fewral 2021
1731

«Ynsan durmuşynda sagdynlygyň ähmiýetiniň örän uludygyny ykrar edýän umumadamzat hem-de milli ýörelgelerden ugur alyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürýäris» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmaga, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň çar künjeginde iň ýokary hil ülňülerindäki döwrebap sport desgalarynyň, şypahanalaryň, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi raýatlaryň saglygyny goramaklygyň, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaklygyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Altyntäç NEDIROWA,
Serdar şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar