Halkymyzyň göterilen ykbaly

3 Fewral 2021
1560

Akyldaryň her setirini gymmatly hazyna deňän ata-babalarymyz dana şahyr Magtymguly Pyraga uly hormat goýupdyrlar. Şol sebäpli-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň çuňňur paýhasyna, hyjuwly kalbyna deňelýär. Şu iki keramatyň birleşmeginden bolsa türkmençilik ýol-ýörelgesi, millilik, özboluşlylyk emele gelýär. Gahryman Arkadagymyz hem öz çykyşlarynda: «Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada ruhy lezzet berýär» diýip belleýär.

Magtymguly Pyragy agzybirligi, asudalygy, bitewüligi, abadançylygy belent heňde wasp eden beýik şahsyýet hökmünde, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň hakydasynda orun aldy. Hakdan içen şahyryň dürli temada ýazan goşgularynyň ählisinde agzybirlik, bitewülik, paýhaslylyk esasy many bolup öňe saýlanýar. Bu hem, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýäniň abadançylygyny saklamak ugrunda öz yhlasyny gaýgyrman, şol bir wagtda ýurdumyzyň parahatçylygyny berkarar eýleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty bilen özboluşly utgaşyklylygy emele getirýär. Sungatyň güýjüne, onuň mukaddesligine uly sarpa goýýan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygy netijesinde bu günki günde diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň medeniýeti hem öz mynasyp bahasyna gowuşýar. Çünki sungat — dostluk, sungat — parahatçylyk, sungat — dostana gatnaşyklary üpjün edýän keramatdyr. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda getirilýän mysallaryň beýanynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar