Şahadatnamalar gowşuryldy

25 Ýanwar 2021
1435

Garaşsyz, Bitarap döwletimizde möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen konstitusion özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňde durýan saýlawlary hem ýokarda ýatlanlarymyza aýdyň mysaldyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da bu syýasy-jemgyýetçilik waka taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar.

Golaýda Mary şäherindäki “Mary” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň milli synçylaryna şahadatnama gowşurylyş dabarasy boldy. Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlenen milli synçylara şahadatnama gowşurylyş dabarasyny TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Ol syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat komitetleriniň, welaýat birleşmesiniň, welaýat bölüminiň agzalaryndan saýlawlaryň geçirilmegine syn etmek üçin milli synçylaryň hödürlenýändigi barada gürrüň berdi. Soňra welaýat saýlaw toparynyň başlygy Jennet Halmyradowa, TDP--niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew we beýlekiler çykyş etdiler. Möhüm meselä bagyşlanan dabara syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat saýlaw toparynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Dabarada milli synçylara dabaraly ýagdaýda şahadatnamalar gowşuryldy.

Beýleki habarlar