Derde derman kök

8 Ýanwar 2021
3310

Biziň Watanymyz, has, dogrusy, ene topragymyz dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Amyderýanyň goşa kenarynda buýan ösümligi näçe diýseň köpdür. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat” birleşiginiň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Buýan” obasenagat toplumy tutuş ýurdumyzy buýan köküniň melhemlik şiresi bilen üpjün edýär. Buýanyň köküniň melheminiň sowuklama bilen bagly keselleri bejerijiligi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynda hem nygtalýar. Şeýle-de buýanyň kökünden taýýarlanýan melhemleriň bedeni ýokanç keselden saplamakda uly peýdasy bardyr. Gadymy döwürde tebipler, ýagny, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlar hem böwrek, gyzzyrma, öýken kesellerinde, aşgazan-içege kesellerinde buýanyň kökünden melhemler taýýarlap ulanypdyrlar.

Türkmenistandaky ýeke-täk «Buýan» obasenagat toplumynyň önümleriniň bir böleginiň daşary ýurtlara eksport edilýändigini hem belläp geçmelidiris. Buýanyň köküniň düzümindäki glisirrizin turşusynyň arassa görnüşinde alnanda, adaty gantdan 50 esse süýji bolýandygy anyklanyldy, şeýle-de buýanyň kökünden köpürjikli serişdeleri öndürmek mümkinçiligi bardyr. Buýanyň kökünden has giňişleýin peýdalanmak üçin häzirki wagtda ol halkara derejesinde öwrenilýär. Türkmenabatdaky “Buýan” obasenagat toplumynda buýan köki üç görnüşde taýýarlanylýar: baglanan (bogdaklanan) buýan köki we onuň goýy hem-de dury ergin görnüşleri. Buýanyň köki “Saglyk” derman kärhanasynda ýokumly şirelere we melhemlik çaýlara öwrülýär we ýurdumyzyň dermanhanalarynda elýeterli bahadan ilata hödürlenilýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysynyň sanawynda bu ösümlik birinji bäşlikde durýar, çünki, bu ösümligiň dünýäde 15 görnüşi bolup, biziň Türkmenistan döwletimizde onuň 4 görnüşi duş gelýär. Alymlaryň pikirine görä, buýandaky glisirrizin turşusynyň häzirki döwürdäki koronawirus pandemiýa ýokanjynyň öňüni almakda uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçýärler. Buýanyň köki we ondan taýýarlanýan melhemler lukmanlaryň maslahaty bilen ulanylsa dogry we ýerlikli bolar.

Beýleki habarlar