Sogan

8 Ýanwar 2021
1859

Sogan ynsan üçin ýokumly we sagaldyjy iýmit hökmünde bellidir. Onda dürli fermentler, kaliý duzy, şeker, fosfor, limon we alma turşulygy, A, B1, B2, PP, С witaminleri, ysy, ajysy bilen gözüň nemli bardasyny gyjyndyrýan efir ýagy bar. Ol işdäňi açýar, iýlen iýmitiň oňat siňmegi üçin suwuklyk bölünip çykyşyny güýçlendirýär.

Sogan ýiti respirator, sowuklama keselleriniň öňüni alýar, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Onuň düzümindäki fitonsidler mikroblara, wiruslara, bakteriýalara garşy göreşmek häsiýetli, aşgazaniçege ýollarynyň kesellerinde, garamükürde (singada), anginada (basyk), bronhitlerde we gurçuk kesellerinde täsirini ýetirýär, ganbasyşy kadalaşdyrýar.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar