Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

8 Ýanwar 2021
1913

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar.

Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hem-de howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär! Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar