Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy

21 Dekabr 2024
141

Ýakynda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa žurnalistler, gazet-žurnallaryň döredijilik işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýaly asylly ýörelgelerine pugta eýerilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Döwür bilen aýakdaş gidýän žurnalistler öz täsirli çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasaty, ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda gazanylýan üstünlikler, ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ýaşlaryň durmuşyndaky orny, ýurdumyzda žurnalistikanyň ösüşi, ýaş žurnalistlere berilýän goldawlar dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmeginde, olaryň watançylyk duýgularynyň metbugat sahypalarynda şöhlelenmeginde «Nesil» gazetine uly ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Annanur REJEBOW.
Beýleki habarlar