Bitaraplyk – şöhrat-şanymyz

10 Dekabr 2024
187

Ertir, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýy uludan tutular. «Dünýäde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr!» diýen ýaly, nurana, buýsançly sözler bu gün mähriban halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiz Aşgabat bolsa, häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä meşhurdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilen geçen 29 ýyllyk döwrüniň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär.

Türkmenistan birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda geçirilen mejlislerine wise-başlyklyga, şeýle hem bu guramanyň abraýly düzümlerine saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Mekan ATAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar