Eziz Diýar — ak geljege barýar

10 Dekabr 2024
186

Dillerimize gazal, ömürlere özen bolan Bitaraplyk derejesi dogrusynda söhbet etmek – bagt hakynda söhbet etmekdir. Çünki bu derejä eždatlarymyzyň ruhy, jemgyýetimiziň köp asyrlyk taryhy siňipdir. Türkmenistan diýlende, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň hakyda dolmagy, ýöne ýerden däldir. Bu gün bitarap döwleti gurmagy başaran türkmen halky jümle-jahanda derejeli millet saýylýar. Bu kämil milletiň tämiz göwnüniň, ak niýetiniň hem ýagşy päliniň wysalydyr.

Il içinde ynsan ykbaly, Ýer ýüzüniň ykrary bilen dahylly gymmatlyklar mukaddeslikleriň hatarynda görülýär. Şonuň üçin hem biz döwletimiziň Bitaraplyk derejesine mukaddeslik hökmünde garamaga haklydyrys. Biz parahatsöýüjiligiň tarapdarlary bolan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baky Bitaraplygymyzyň goja Zemindäki mertebesiniň barha artýandygynyň şaýady bolýarys. Şonuň üçin Bitaraplykdan ýalkanan ýyllaryň taryhy pursatlarynyň bu beýik ynsanlaryň ady bilen bagly bolmagy kanunalaýyklykdyr.

Kadyrberdi GELDIMYRADOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň ýaşaýjysy, telekeçi.
Beýleki habarlar