Parahatçylyk ýoly bilen

10 Dekabr 2024
182

Agzybirligiň, jebisligiň netijesinde barha pajarlap ösýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 29 ýyllyk şanly toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň giň dünýägaraýşynyň, halkara başlangyçlarynyň miwesi bolan bagtyýar zamanada ýaşaýan halkymyz bu baýramy halkara derejesinde dabaralandyrýar. Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senenamasynyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri uly şowhun-şagalaňa beslenýär.

Ýurdumyzyň bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriň netijelerini Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mysalynda görmek bolýar. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň miweleri hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 29 ýyllyk tejribesinde aýdyň şöhlelenýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň öňünde durýan meseleler boýunça sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mysallarynyň hatarynda 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň öňe süren dünýä ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň uly goldawa mynasyp bolýandygyny görkezmek bolar.

Bahargül HANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar