Asudalygyň Watany

4 Dekabr 2024
209

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda tutuş dünýäde parahatçylygy we rowaçlygy berkarar etmek, durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda beýik işleri üstünlikli amala aşyrýar. Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy dünýäsine, däp-dessurlaryna, beýik ynsanperwerligine esaslanýar. Bu bolsa häzirki döwürde umumadamzadyň arzuwydyr, islegidir. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň durmuşynda bedew batly beýik ösüşleriň, rowaçlyklaryň, asudalygyň, parahatçylygyň dabaralanmagynda möhüm orun eýeleýär.

Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri türkmeniň ýaşyl Tugunda hem aýdyň şöhlelendirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi belent maksatlardan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň möhüm pelsepesi hökmünde garalýar.

Oguljemal ANNABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň Aşgabat şäher raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň Köpetdag etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň I derejeli hünärmeni.
Beýleki habarlar