Halkymyzyň beýik gymmatlygy

4 Dekabr 2024
211

Ata Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasaty ynsanperwerlik, adalatlylyk, ynanyşmak, parahatçylyk ýörelgelerini, adamzadyň abadan durmuşy hakyndaky aladany özünde jemleýär. Halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen bu hoşniýetli ýörelgeleri daşary syýasatymyzda, bitaraplyk taglymatymyzda öz beýanyny tap-ýar. «Goňşy aşy — göwün hoşy», «Goňşy goňşyň hem görki, hem örki» diýýän halkymyzyň goňşokara däp-dessury çygryny giňeldip, bu gün dünýä halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklarda täze mazmunda dabaralanýar hem-de dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar.

Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedigi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýändigi barada aýdylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Bitaraplygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Muny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilýän taryhy Kararnamalaryň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetika, parahatçylyk we ynanyşmak, ekologiýa hem-de beýleki ugurlardaky Kararnamalaryň tutuş adamzadyň ösüşine, bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilmegi olaryň gymmatly aýratynlygydyr.

Ilgeldi ORAZGULYÝEW,
welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş amallary we ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar