Ýaşajyk zehin

27 Noýabr 2024
257

Ýurdumyzda ýaş nesil üçin döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan çagalaryň biri-de Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nursoltan Saparowadyr.

Ýaşajyk zehin heniz çagalar bagyna gatnaýarka, aýdym-sazyň jadylaýjy dünýäsine imrinýär. 1-nji synpda eýýäm medeni-köpçülikleýin çärelerde aýdym aýdýar. Soňra Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde tans toparyna hem-de şäheriň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «tans sungaty» we «keteni-tara» gurnaklaryna gatnap başlaýar. Geçen ýyl döredijilik öýüniň guramagynda geçirilen «Iň gowy gurnak» bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolýar. Şeýle-de ol öz okaýan orta mekdebinde hem-de mekdepden daşary gatnaýan «keteni-tara» gurnagynda hem tapawutlanandygy üçin Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Şu ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagy sungat ýolunda ädimme-ädim üstünlik gazanyp başlan zehinli gyzjagazyň durmuşynda unudylmajak waka boldy.

Nargül ORAZBERDIÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar