Awazadaky maslahat

21 Noýabr 2024
270

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha kuwwatlanýan ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň rowaçly ösüşleriniň ýolundaky tagallalary» ady bilen göçme okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň welaýat, etrap birleşmeleriniň işgärleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän maslahatyň esasy maksady kärdeşler arkalaşyklarynyň işini guramakdan we kämilleşdirmekden ybarat bolup, möhüm meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Maslahatyň dowamynda bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň täsirli çykyşlary we teklipleri diňlenilýär, sowal-jogaplar alşylýar.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýörite meýilnama laýyklykda medeni-sport çäreleri, Awazanyň gözel ýerlerine gezelençler guralýar.

Täzegül BABAŞEWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar