Saglyk başymyzyň täjidir

20 Noýabr 2024
221

Adamyň bedeniniň islendik agzasynda dürli sebäplere görä sowuklama we beýleki keseller ýüze çykyp bilýär. Ýiti respirator keselleri çagalaryň hem-de uly ýaşly adamlaryň arasynda aýratyn ýygy duş gelýän keselleriň biridir. Ýokary dem alyş ýollarynyň ýiti ýokançly keselleriniň toplumy bolan respirator ýokanç keseller 2 topara bölünýärler, ýagny bakteriýalaryň döredýän ýiti respirator keselleri hem-de wiruslaryň döredýän respirator keselleri. Ýiti respirator keselleriň ählisi syrkawdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar hem-de, esasan, birmeňzeş kliniki alamatlar (gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk) bilen ýüze çykýar. Köplenç wirus keseliniň üstüne bakteriýalar goşulyp, dem alyş, ýürek-damar, nerw, peşew çykaryş ulgamlaryny zeperleýär. Keseliň ýaýraýan güýz-gyş möwsümlerinde onuň wirusly gaýraüzülmeleri ýygy duş gelýär.

Ýiti wirusly kesel bilen kesellän näsagy maşgala lukmanyna görkezmek hökmandyr. Lukman syrkawyň umumy ýagdaýyny barlaýar, onuň bilen sorag-jogap alyşýar, burun-damakdan alnan çyrşagyň barlagynyň geçirilmegini üpjün edýär. Barlaglaryň netijesine görä bejeriş belleýär we syrkawa ýatymlaýyn şertlerde bejeriş almagy maslahat berýär. Ýiti wirusly keseliň aýak üstünde geçirilmeginiň ýüregi, böwrekleri, nerw ulgamyny zeperläp, howply gaýraüzülmelere getirip biljekdigini unutmaň. Agyr ýagdaýlarda «Tiz kömek» gullugyna jaň etmek, syrkawy ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirmek talap edilýär, öýde bejeriş almak rugsat edilen ýagdaýlarda berjaý edilmeli düzgünler düşündirilýär.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar