Gök çaý

19 Noýabr 2024
248

Çaý... Bu sözde näçe many bar, näçe ylham bar...
Çaý başynda näçe nusgawy eserler
döredi, näçe söhbetler edildi, näçe arzuw-
hyýallaryň başy tutuldy.

Çaýy ylmy taýdan öwrenen Tan döwrüniň şahyry Lu Ýuý «Çaýy uzak içseň, ganat berer» diýip belläpdir. Onuň «Çaý kanuny» atly kitaby dünýä ýüzünde çaý barada ýazylan ilkinji ylmy işdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly eserinde hem bu şahyr barada aýdylyp geçilýär. Şahyr öz eserinde çaýyň ösdürilişi, taýýarlanylyşy we demlenilişi barada jikme-jik maglumat berýär.

Aýlar BAÝMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy
Beýleki habarlar