Aýdyň geljegimiziň binýady

2 Oktýabr 2024
350

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolup, bu şatlykly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň şanly senesi bilen bilelikde toýlaýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýlende, dünýä jemgyýetçiliginiň göz öňünde, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen paýtagtynyň janlanýandygy döwrüň aýdyň hakykatydyr. Häzir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýokary abraýa eýedir. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri Milli Liderimiziň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatyň netijesi bolup durýar. Bu syýasat döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar